loňkuldamak loň‧kul‧da‧mak işlik

  1. Loňkuldyly ýöriş bilen gitmek, loňk-loňk edip ýöremek; ylgamak, löňk-löňk edip ýöremek, löňküldemek.

    • Ýaby loňkuldamaga başlady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Hemişe onuň töwereginde ýelgamak ýaly pyrlanýardy, buýran ýumşuna loňkuldap ylgaýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Ýörese hem kelte tirkelen ýaly loňkuldap, yzyndan galmaýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Arabanyň ýa-da ulagyň üstünde aşak-ýokary galyp towsup oturmak.

    • Onuň göwnüne ol köp wagt bäri arabanyň üstünde loňkuldap gelýän ýalydy. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • loňkuldamaga
  • loňkuldamak
  • loňkuldap