lenç

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, dymyk ç çekimsizi açyk j çekimsizine öwrülýär.

Meselem lenç - lenjim, lenjiň.

lenç bolmak

Bizar bolmak, halys bolmak, ýadamak.

lenç etmek

  1. Şol bir zady gaýtalap durmak, ýagyr etmek, suwuny çykarmak, halys irizip ýürege düşmek.

    • Ol lenç edilen standart jümlelerden peýdalananok. («Sowet Türkmenistany» Gazýeti)

  2. Myžžygyny çykarmak, döwnemek, basgylamak.

    • Hüjüm edip çar tarapdan kän ýagy, lenç edildi, depelerin topragy. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.