lemmi-lemmi

lemmi-lemmi etmek

Bolgusyz, ugursyz gürläp oturmak, biderek, gürrüň etmek.

  • Kägünler bolsa bazarda onuň-munuň ýanynda lemmi-lemmi edip gününi ýaşyrýardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Hemmesi hem seniň özüňdendirle, baran ýeriňde lemmi-lemmi edip oturansyň, häli men gitsem, boş gelmejegim-ä bilýän. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.