lejikmek işlik

Halys irmek, bizar bolmak, leji çykmak, ýadamak.

  • Gurban bu ýumuşlardan halys lejigenden soň, baýyň aýalyna we ogluna ýüzlenip: -- Zol Gurban bolup dur-la?! -- diýip zeýrendi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.

Meselem lejikmek - lejigýär, lejiger, lejigipdir.

Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.