lasyrdatmak işlik

  1. Lasyrdyly gaýnatmak, gaty gaýnatyp lasyrdyly ses etdirmek, gaty gaýnatmak.

    • Radiatoryň suwuny lasyrdadyp we buguny burugsadyp, belent depelere çykmaly bolýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Göçme manyda Ýakyp barmak, gaty gyzdyrmak (gün hakda).

    • Beýnileri lasyrdadýan günüň howry ýüregiňe urýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.

Meselem lasyrdatmak - lasyrdadýar, lasyrdadar, lasyrdadypdyr.

Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.