lap

[la:p]

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, dymyk p çekimsizi açyk b çekimsizine öwrülýär.

Meselem lap - labym, labyň.

lap etmek

Hakyky bolşundan çişirmek, ulaldyp aýtmak, ulaldyp görkezmek.

  • Annaguly käwagtlar bir hana sogrup, lap edip aýtdygym däl hut üç düýp gowaçanyň daşyndan bir sagatlap aýrylmaýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Onuň gözüniň önüňde äýnekde görünýän ýaly bolup barýar-da diýsek, lap etdigimiz bolmaz. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

lap urmak

Has ulaldyp, ýalan gürrüň etmek, güplemek.

  • Pyrkat eýýamynda Mežnun şunça köp lap urmasyn. (Myraly)

Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.