lagşamak işlik

  1. Könelmek, ugry gaçmak zerarly bozulmak, sandan çykmak.

    • Ussa bir lagşan arabany söküşdirip otyrdy.

    • Öňki wagtlar olar lagşan garaja öýde ýaşaýardylar.

  2. Garrap, gujurdan galmak, sandan galmak.

    • Emma ol ýaşynyň könelmegine, göwresiniň lagşamagyna garaman, ýigitlik kuwwaty bilen ylgady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Çepiksi göwresi lagşan gaşlaryna çal sepen gürrüňdeşine ýüz tutdy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.