labyz

Ýakymly äheň bilen çykýan ses ýa-da owaz (aýdym, goşgy we ş. m. aýdylanda).

  • Sesi güýçli doň ýüregi eretdi. Süýji labzy beýnimizde ýer etdi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Emma, islege garşy, onuň labzy şirin bolman, turbadan çykýan ýaly ýogun tagaşyksyz bolany üçin, ol köp aýdym aýtmazdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem labyz - labzy.

Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.