labyrdamak işlik

Labyrdyly ýanmak, tutaşyp gowy ýanmak, seslenip ýalynly ýanmak.

  • Ojar labyrdap ýanýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol labyrdap ýandy töwerekdäki zatlaryň hemmesi tisginip, sandyrap başlady. (M. Gorkiý, Ene)

  • Oduň ýalaw ýaly labyrdaýan ýalny onuň aşak inip duran inçe murtly, bugdaýreňk ýüzüne görnetin şöhle salýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.