labyr la‧byr

[la:byr]

  1. Deňizde ýa-da derýada gämini bir ýerde saklamak üçin suwa taşlanýan zynjyrly uly aran.

    • Gämiler ýaýraşdy taşlap labyryn, yşyk ýakmaklyga komanda boldy. (Ş. Boržakow, Kaspi kenarynda)

  2. Agram, agyrlyk.

    • Çatma deýin süýşüp gelýän tanklaryn ýumurýar bar zady agyr labyr. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

    • Barha öňe süýşer alyp labyryn, Depe-baýyrlaryň basardy baryn. (A. Kekilow, Söýgi)

    • Öýümiz Hangulyny gabyrtlap basdy we özüniň bar agyr labyryny onuň üstüne gahar bilen goýberdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  3. Göçme manyda Zulum, sütem, jebir-jepa.

    • Ýigitler! Biz bu gün patyşa labyryny üstümizden syrmak üçin atlandyk. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

labyryňy atmak

Biriniň üstüne öz garamatyňy, agramyňy atmak.

  • Taýlak hyzzyn şäherdäki şaňlap duran myhmanhana barman, Myratlara labyryny atanyny gowy görüpdir. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)


Duş gelýän formalary
  • labyra
  • labyrda
  • labyrdan
  • labyrdygyny
  • labyrlaryny
  • labyrly
  • labyry
  • labyryn
  • labyryndan
  • labyryny
  • labyrynyň
  • labyryň