Bir ugur boýunça okuwyň bütin dowamy.
Geçirilýän kurslar uly rol oýnaýar. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Ol alty aýlyk möhletli açylan kursy gutardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Ýokary okuw jaýlarynda bütin bir ýylyň dowamyndaky okuw ýa-da klas.
Ikinji kursdan üçünji kursa geçen Myrat öz ýoldaşlary bilen bu toýda uly şatlykdady. («Tokmak» žurnaly)
Ýokary okuw jaýlarynda okadylýan bir ylmyň ýa-da onuň aýratyn bir bölüminiň yzygiderli beýany.
Türkmen diliniň teoretik kursy.
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem kurs - kursum, kursuň.