Gözüň gabaklarynyň gyrasyna çykýan gyl.
Ýaý ýaly gara gaş ok deý kirpikler, Awlajaga meňzeýär golaý ýeteni. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Kirpikleri jaýtaryp, inçejik iňňe ýaly ýalpyldady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem kirpik - kirpigi.
seret kaklyşmak
Üns, pikir berip seretmek.
Diňçileriň hemmesi kirpiklerini butnatman seretdiler. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)