Towuk, it we ş. m. üçin salnan jaý.
Göreniň keteginde towuk goýmady. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Meniň towuklarym juda köpelip gitdi, indi maňa ýörite ketekler, giň jaýlar gurap beriň. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
It ketegine kürsäp urdy.
Gepleşik dili Kiçijik, ýaramazja ýasaýyş jaýy, öý.
Her kim ketekli-ketegine dargady.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ketek - ketegi.