Gaçyp gitmez ýaly gaçak malyň aýagyna dakylýan ýa-da boýnuna dakylyp, aşak sallanylyp goýberilýän agaç.
Kesmikden boşan açmaňyz sygyrlar ondan-oňa hars urýarlar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem kesmik - kesmigi.