kesgir kes‧gir

  1. Gaty ýiti, ýalaw ýaly, ötgür.

    • Eziziň özleri üçin kesgir ýaragdygyny ol unutmady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Seň bedew atyň bar, kesgir gylyjyň bar, Parçala duşmany, ýegsan et ony. (A. Nyýazow, Şygyrlar)

  2. Göçme manyda Berk täsir edýän, ötgür (söz hakda).

    • Kesgir sözli bolmak. Kesgir sözler bilen aýtmak.


Duş gelýän formalary
  • kesgirligi
  • kesgirligiň
  • kesgirlik