Gorizont tekizligine parallel ýerleşýän, dik däl, gyşyk gorizontal.
Onuň ýolunyň üstünde ýogyn pürsi kese goýan bolsam, ine, onda ähtimal. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)
Çagany kese halda tutman, has dikräk halda tutmak gerek. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Kese ýerden gelenler üçin bellenilen jaýda biz tiz ýerleşdik. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Zolak bolup giden, tutuş.
Köprüden aňyrsy kese giden odynlyk ýer.
Kömekçi at rolunda.
Ak pagtanyň kesesinden giripdir. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
Obanyň kesesinde durup seretseň, bütinleý gök öwüsýär.
seret çyzyk
Gepleşikde. (Dialoglarda)
Her bir adamyň sözüniň öň ýanynda kese çyzyk goýmaly.
Gepi-gürrüňi başga ýana sowmak.
Aýsoltan ejesiniň aýdanyny kesä çekip, onuň sözüni aýratyn geňirgemek bilen gep urdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Nägile, göwnüýetmezçilik we ş. m. zerarly ýüzüňi bir gapdala sowmak.
Başlyk kinaýaly ýylgyrmak bilen ýüzüni kesä sowup sorady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)