Agaçdan içi oýulyp ýasalýan uly çanak.
Mawy ortaky öýden bir kersen düýe süýdüni alyp çykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Öňki tallar kersen bolup, Köp obalar goýup-göçen. (R. Seýidow, Bagtlylar)
Her hili ownuk (içeri) işde ulanmak, öýdeniçer ýaly etmek, dürli hyzmaty, ýumşy etdirmek.
Ony «tur-otur, kersen getir» işlerinde ulansa-da, aýlygyny öz hojalygynda harçlamaklygy başarýar. («Tokmak» žurnaly)