kerpiç at

Laýdan ýa-da gaty jisimden ýasalan dört burç formaly gurluşyk materialy.

  • Eger bir bölejik kerpiji suwly stakanyň içine salsak, kerpiçden köpürjik çykyp ýokary galýar. (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat)

  • Kerpiçleri ýekän-ýekän, Nagyş ýaly örýär ussa. («Pioner» žurnaly)

  • Ýaşuly ussa meniň kerpiç örmek işindäki ilkinji kemçiliklerimi häli-şindi düzetdi. («Mydam taýýar» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem kerpiç - kerpiji.


Duş gelýän formalary
  • kerpije
  • kerpijem
  • kerpiji
  • kerpijimi
  • kerpijinden
  • kerpijini
  • kerpijiniň
  • kerpijiň
  • kerpiçde
  • kerpiçden
  • kerpiçdendi
  • kerpiçdäki
  • kerpiçler
  • kerpiçlerden
  • kerpiçlerdäki
  • kerpiçlere
  • kerpiçleri
  • kerpiçlerine
  • kerpiçlerini
  • kerpiçleriniň
  • kerpiçleriň
  • kerpiçli
  • kerpiçmi
  • kerpiçmikä