kepil

[kepi:l]

  1. Biri hakda güman edilýän jogapkärlige boýun boluş, zamun.

    • Kemi ýok, kepil bolaryn. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Biriniň etmeli işini eder ýa-da bir iş ýerine ýeter diýip boýun boluş.

    • Öňünden ýaýradylan reklama kitabyň satylyp gutaryljagyna kepil boljakdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • kepile
  • kepili
  • kepilidir
  • kepilini
  • kepiliniň
  • kepiliň
  • kepiller
  • kepillerden
  • kepilleri
  • kepillerini
  • kepilleriň
  • kepilli
  • kepilligi
  • kepilligine
  • kepilligini
  • kepilligiň
  • kepillik
  • kepillikden