Dodaklaryny müňküldetmek, aglamjyratmak.
Dodagyn kemşerdip, gözün delmirdip, «Aýlar jan» diýip, gujaklady gyzyny. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem kemşertmek - kemşerdýär, kemşerder, kemşerdipdir.