Oba hojalyga degişli Gowaça ýa-da başga ekinlerde hatar arasyndaky suw akýan ýapjagaz, joýa.
Hol aňyrky kartanyň gowaçalarynda suwuň doly ýetmedik keşleri hem bar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Olar keşleriň arasyny kätmen bilen ýeňiljek dyrmaýardylar, ýumşadýardylar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Keşleriň arasyna düşen syçan-da pil ýaly görünýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Goşulan sözüniň manysy bilen baglylykda adamyň meşgul bolýan kärini aňladýan söz ýasaýjy affiks.
Arabakeş, düýekeş, çilimkeş.