Könelişen söz Ýer sürülýän sada gurluşly azalyň ýeri agdarýan bölegi, ýere girýän burny.
Bir salkynda köne künde we bir jübüt öküz bilen sürlen ýeri derrew ekmelidi. («Kolhoz günleri»)
Häý, sypatyň gursun, iliň ýagşy gününi görüp bilmän, çaýyrlykda iglän kündä dönüpsiň. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Könelişen söz Agyr jenaýat edenleriň eline ýa-da aýagyna salynýan zynjyr, gandal.
Aýaklaryndan künde asylan ýaly, biri-biriniň öňüne zordan geçýär. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Biz baranymyzda aýagy agyr kündeli ýesirler kän ekeni. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)