kündük kün‧dük

Suw guýlup el-ýüz ýuwmak üçin ulanylýan, tüňçä meňzeş jüründikli çoýun ýa-da mis gap.

  • Altyn eline kündigi alyp, suwdan dolduryp, ojagyň başynda goýdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Ine görseň, bir ýerde gadymy köne semawar, gara kündük, tüňçe otyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem kündük - kündügi.


Duş gelýän formalary
  • kündüge
  • kündügem
  • kündügi
  • kündügimdäki
  • kündügindäki
  • kündügine
  • kündügini
  • kündüginiň
  • kündügiň
  • kündük-de
  • kündükden
  • kündükdäki
  • kündükler
  • kündükleri
  • kündüklerini
  • kündükleriň
  • kündükli
  • kündükliler