Köwek emele gelmek, oý bolmak, çukur bolmak, oýulmak.
Jaýyň düýpleri köwüp, üstüne ýykyljak bolup dur. («Tokmak» žurnaly)
Onýança-da aşagy köwlen haýat ýaly gürpüldäp gitdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem köwülmek - köwler, köwlüpdir.