köwük kö‧wük 1

Zoologiýa Ullakan meýdan pişigi, pişige meňzeş ýyrtyjy haýwan.

  • Olar hemişe tilki, köwük hem başga möjekler awlaýardylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem köwük - köwügi.

köwük kö‧wük 2

Köwek bolup duran, oýulan, gazylan.

  • Müň ýaşan agaçlar şatyrdaşyp, zordan saklanýarlar, çünki olaryň düýbi çüýrük, içi köwükdi. (N. Jumaýew, Ak derek)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem köwük - köwügi.


Duş gelýän formalary
  • köwügiň
  • köwükdi
  • köwükleriň