köpri

Derýanyň, demir ýoluň, ýabyň we ş. m. üstünden geçip gitmek üçin gurulýan desga.

  • Suwuň köprüsine baran badyňa ol jaý özüni saňa tanadar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • «Köprüde düýäň ulusy taýak iýer» diýlişi ýaly ol işini oňarmadyk wagty bizi kötekleýär. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem köpri - köprüde, köprüler, köprüsi.

kör düýesi köprüden geçmek

seret geçmek


Duş gelýän formalary
  • köpri-de
  • köprim
  • köprimden
  • köprime
  • köprinem
  • köprini
  • köpriniň
  • köpriň
  • köprä
  • köprüde
  • köprüden
  • köprüdi
  • köprüdir
  • köprüdäki
  • köprüler
  • köprülerde
  • köprülerden
  • köprülerdi
  • köprülerdir
  • köprülere
  • köprülerem
  • köprüleri
  • köprülerin
  • köprülerinden
  • köprülerini
  • köprüleriniň
  • köprüleriň
  • köprüli
  • köprüsi
  • köprüsidir
  • köprüsinde
  • köprüsinden
  • köprüsine
  • köprüsini
  • köprüsiniň