San taýyndan köp etmek, artdyrmak.
Seredip otursam, sen geýim-eşigi köpeltmäge hiç pikir bermeýärsiň. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Arasyny ýygaltmak çaltlaşdyrmak.
Çaşçy çaman bulara gelmesini has hem köpeltdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Matematika Bir sany ikinji bir sana götermek, göterip jemini çykarmak.
Bäşi bäşe köpeltseň, näçe bolar?
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem köpeltmek - köpeldýär, köpelder, köpeldipdir.