köne kö‧ne sypat

[kö:ne]

  1. Köp wagt geçip ýa-da köp ulanylyp sandan galan, zaýalanan.

    • Akjemal köne keçesini ýazyp, unaş kesmäge oturypdy. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

    • Köne bedre. Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz. (nakyl)

  2. Göçme manyda Ýaşy könelişen, ýaşy geçen, garry.

    • Köne adamlaryň gürrüňlerini diňlemek örän gyzykly.

  3. Göçme manyda Köp wagtdan bäri gelýän, has öňki, gadymky.

    • Köne duşman ömür baky päk bolmaz. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Köne tanyşlar geçeni ýatlaşyp, ilki gök çaý içdiler, çaýdan soň etli börek geldi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Heý, duruber, muny dolanyp köne adata ynanmaz ýaly edeýin. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  4. Hakyky däl, wagty geçen.

    • Köne bilet. Köne şahadatnama.

köne saman agtarmak

seret agtarmak

  • Aman aga çalaja gyzardy: -- Agronom, köne samany agtarma! («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • könede
  • köneden
  • könedi
  • könedigine
  • köneje
  • köneler
  • könelere
  • köneleri
  • könelerimiz
  • könelerimiziň
  • könelerinden
  • könelerini
  • köneleriniň
  • köneleriň
  • könelige
  • köneliginden
  • köneligine
  • köneligini
  • könelik
  • könemi
  • köneräk
  • könesi
  • könä
  • könäni
  • könäniň
  • könäň