Kömek berýän, ýardam edýän adam, kömekdeş.
Patabyň gyzy hem bu işlerde her sapar Pataba uly kömekçi bolupdyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Her oýunçynyň özüniň kömekçi gözegçisi bolýar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Gulluk wezipesi boýunça orunbasar, şägirt.
Annadurdy sary murtuny hüžžerdip, kömekçisine alarylyp seretdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Ol öz kömekçisi bilen gürrüňe kemsiz gyzyşypdyr. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Grammatik termin seret işlik
Goşma işligiň bir bölegi bolan kömekçi işlik her hili çylşyrymly gymyldyny aňlatmak üçin ulanylýar.