[kö:l]
Kenarlary gury ýer bilen çäklenýän uly bolmadyk suwly ýer, uly howdan.
Birwagtlar ol jeňňeliň aşagy garalyp ýatan suwly köl eken. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Sonalar ýüzmäge köller açyldy, Jerenler gezmäge çöller açyldy. (G. Seýitliýew, Saýlanan goşgular)
Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.
Meselem köl - kölüm, kölüň.
Köp zady wada bermek.
Sen biziň diýenjigimizi et-de, işledejik ýör -- diýip, Gurbany süýt kölüne batyrdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Pikir kölüne çümmek. (Batmak)
Çuň pikire gitmek, oýa batmak, oýlanmak.
Güller, näme çümdüň pikir kölüne. («Sowet edebiýaty» žurnaly)