köşek kö‧şek

[kö:şek]

  1. Düýäniň bir ýaşa ýetmedik balasy.

    • Ýüz düýeden alýar hem ýüz köşegi, Elli kürre berýär, elli eşegi. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

    • Köşeginden aýra düşen, Gura düýe gitdi bozlap. (Çary Aşyr, Poemalar)

  2. Göçme manyda Söýlüp, oňat görlüp çagalara, oglanlara aýdylýan söz.

    • Şonuň ýaly, köşegim, men özüm dogumly ýigitleri gowy görýärin. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem köşek - köşegi.


Duş gelýän formalary
  • köşege
  • köşegi
  • köşegim
  • köşeginden
  • köşegine
  • köşegini
  • köşeginiň
  • köşegiň
  • köşegiňizem
  • köşegiňki
  • köşekden
  • köşeklem
  • köşekler
  • köşeklere
  • köşekleri
  • köşeklerim
  • köşeklerini
  • köşekli
  • köşeksiz
  • köşekçe