kätip kä‧tip

[käti:p]

Könelişen söz Sekretar.

  • 1830-njy ýylyň aprelinde departamente kätip bolup işe durdy. (N. W. Gogol, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem kätip - kätibi.


Duş gelýän formalary
  • kätibe
  • kätibem
  • kätibi
  • kätibimiz
  • kätibine
  • kätibini
  • kätibiniň
  • kätibiň
  • kätipden
  • kätipdir
  • kätipler
  • kätipleri
  • kätiplerini
  • kätipleriniň
  • kätipleriň
  • kätipligine
  • kätipligiň
  • kätiplik