Adamyň hünär edinen işi, ele alnan, ökdelenen hünär, senet, kesp.
Bäş barmagy ýaly öwrendi Gully, Çopanlyk kärinde galmady kemi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Kär sazandalykdyr, han aga! (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Iş, gulluk.
Men özümiň nä kär bilen meşgul bolup ýörenimi myhman ýerime aýtmadym. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Täsir etmek.
Ýok, ýoldaş leýtenant, maňa sowuk kär edip bilmez! (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Pagsalaryň ini boýundan uly, Top oky kär etmez bu diwarlara. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Isimlere goşulanda, kesp-kär bilen baglanyşykly düşünjäni, belli bir zat bilen meşgullanmagy aňladýan söz ýasaýjy goşulma.
Ol jogapkär işe bellendi.
Günäkärlere sud edildi.