[kämi:llik]
Kämil bolup ýetişenlik, berkleşenlik.
Saňa ozalkydan söýgim indi kän, kämilligiň sende aýdyň belgisi. (R. Seýidow, Eserler)
Eýsem kämilligiň we ussatlygyň jogapkärli barlagydyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem kämillik - kämilligi.
On sekiz ýaşa ýetmek, fiziki we ruhy taýdan ýetişmek we graždanlyk hukuga eýe bolmak.
Kämillik ýaşyna ýetmedik on ýedi ýaşly okuwçy gyz.