käýemek işlik

Nädogry edilen iş üçin ýazgarmak, ýazykly adama öwüt-nesihat etmek.

  • Ýok, Muhammet, men-ä käýemek üçin seni çagyrmandym. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  • Bu babatda oňa düşündiripdirler, käýäpdirler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • käýedi
  • käýediler
  • käýedimi
  • käýeme
  • käýemedi
  • käýemek
  • käýemekçi
  • käýemesine
  • käýemezdi
  • käýemeýärdi
  • käýemäge
  • käýemändiň
  • käýemäýin
  • käýese
  • käýese-de
  • käýesin
  • käýesinlerem
  • käýeýän
  • käýän
  • käýänden
  • käýänini
  • käýäp
  • käýäpdi
  • käýäpdir
  • käýäpdirler
  • käýärdiler
  • käýärin
  • käýärler
  • käýäýmeseler
  • käýäýse