jogap jo‧gap at

[joga:p]

  1. Sorag zerarly ýüze çykýan pikir.

    • Sowallar üçin hem öz ýanyndan jogap besläp gelipdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Alnan hata ýa-da başga bir zada bolan gaýtargy.

    • Göwnüm gül açansoň ýazan hatyňa, Men hem saňa jogap ýazýan, eý Bibi! (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  3. Matematikada: mesele çözülende çykýan ahyrky netije.

  4. Ygtyýar, razylyk, rugsat.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem jogap - jogaby.


Duş gelýän formalary
  • jogaba
  • jogabam
  • jogaby
  • jogaby-da
  • jogabydy
  • jogabydyr
  • jogabym
  • jogabymy
  • jogabymyz
  • jogabymyza
  • jogabymyň
  • jogabyn
  • jogabyna
  • jogabynda
  • jogabyndady
  • jogabyndaky
  • jogabyndan
  • jogabyny
  • jogabynyň
  • jogabyň
  • jogabyňy
  • jogabyňyz
  • jogabyňyza
  • jogabyňyzy
  • jogapda
  • jogapdaky
  • jogapdan
  • jogapdy
  • jogapdyr
  • jogaplar
  • jogaplara
  • jogaplaram
  • jogaplarda
  • jogaplardaky
  • jogaplardan
  • jogaplary
  • jogaplarydy
  • jogaplarydyr
  • jogaplaryna
  • jogaplarynam
  • jogaplarynda
  • jogaplaryndan
  • jogaplaryny
  • jogaplarynyň
  • jogaplaryň
  • jogaplaryňyzy
  • jogaply
  • jogapsyz