joşmak joş‧mak işlik

[jo:şmak]

  1. Örän güýçli akmak, suw köplük edip daşmak, kenardan agmak.

    • Tejeniň derýasy bu ýyl alabahardan joşup gelipdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Göçme manyda Güýçli duýgy döremek, möwç almak, hyjuwlanmak.

    • Mährijemalyň ýüreginde Wepa bolan söýgi has beter joşýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Bu giň meýdanda her kim bir işde, janly hereket joşýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Göçme manyda Höwesi artmak, gyzgalaňly bolmak.

  4. Göçme manyda Jomartlyk etmek, eçilmek.

    • Joşan mahalyna sataşsaň, saňa bir teňňe-iki teňňe berer. («Görogly» eposy)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem joşmak - joşdum, joşduň, joşupdyr.


Duş gelýän formalary
  • joşaly
  • joşan
  • joşanda
  • joşandyr
  • joşanyny
  • joşar
  • joşardy
  • joşaý
  • joşdum
  • joşduň
  • joşdy
  • joşgun
  • joşma
  • joşmady
  • joşmadyk
  • joşmaga
  • joşmagy
  • joşmagyna
  • joşmagyndan
  • joşmagyny
  • joşmagynyň
  • joşmagyň
  • joşmak
  • joşmalary
  • joşmalaryndan
  • joşmalaryny
  • joşmalarynyň
  • joşman
  • joşmasa
  • joşmasaň
  • joşmasy
  • joşmasyndan
  • joşmasynyň
  • joşmaýar
  • joşsa
  • joşsun
  • joşup
  • joşupdyr
  • joşýan
  • joşýanyň
  • joşýar
  • joşýardy
  • joşýardylar
  • joşýarka
  • joşýarlar