Ujypsyz ownuk zat, sähelçe zat.
Dört ýyl içinde hak diýip, Halnazardan bir jinnek hem almandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ol bir jinnek üçin jan berýän adam bolupdyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
seret jinnekçi
Gully jinnekden galan mülkde garrap töňňe bolup galan kel-kör üzüm, birnäçe düýp erik, garran şetdaly, tut agaçlary somalyşyp otyrdylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem jinnek - jinnegi.