jemgyýet jem‧gy‧ýet

  1. Maddy durmuşyň (ýaşaýşyň) umumy konkret-taryhy şertleri esasynda birleşen adamlaryň jemi.

    • Uly-kiçi, aýal-erkek adamlaryň bary biziň jemgyýetimizde deň bir hatardaky adam hasaplanýar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Taryh -- adamzat jemgyýetiniň ýaşaýşy hakynda ylymdyr. (Gadymy dünýä taryhy)

  2. Gelip çykyşy, ýagdaýlary, bähbitleri we ş. m. umumylygy esasynda birleşen adamlar topary.

  3. Umumy meseleleri özleri üçin maksat edinýän adamlaryň birleşigi, edara, gurama.

    • Gyzyl ýarym aý jemgyýeti.

    • Syýasy we ylmy bilimleri ýaýratmak baradaky jemgyýet.


Duş gelýän formalary
  • jemgyýetde
  • jemgyýetden
  • jemgyýetdigine
  • jemgyýetdigini
  • jemgyýetdir
  • jemgyýetdäki
  • jemgyýete
  • jemgyýetem
  • jemgyýeti
  • jemgyýetidir
  • jemgyýetimiz
  • jemgyýetimizde
  • jemgyýetimize
  • jemgyýetimizi
  • jemgyýetimiziň
  • jemgyýetin
  • jemgyýetinde
  • jemgyýetinden
  • jemgyýetindäki
  • jemgyýetine
  • jemgyýetini
  • jemgyýetiniň
  • jemgyýetiň
  • jemgyýetiňem
  • jemgyýetiňiz
  • jemgyýetiňki
  • jemgyýetiňkidi
  • jemgyýetler
  • jemgyýetlerde
  • jemgyýetlerden
  • jemgyýetlerdir
  • jemgyýetlere
  • jemgyýetleri
  • jemgyýetlerinde
  • jemgyýetlerinden
  • jemgyýetlerindäki
  • jemgyýetlerine
  • jemgyýetlerini
  • jemgyýetleriniň
  • jemgyýetleriň
  • jemgyýetsiz