jandar

[ja:nda:r]

  1. Jany bar bolan, diri ýaşaýanlar, janly organizm (adam, haýwan, mör-möjek).

    • Maldarlar janly-jandarlar bilen iş salyşýar ahyryn. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Adam.

    • Öýde orta ýaşa ýakynlaşan bir aýaldan başga jandar ýokdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  3. Haýwan, haýwanlar, haýwanat.

    • Towuklar bolsa wagtly-wagtynda keteklerine ýygnanmagy özge jandarlardan gowy bilýärler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Bir ýerde bir jandaryň çyňsaýan sesi çykdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • jandara
  • jandaram
  • jandarda
  • jandardan
  • jandardygy
  • jandardygyny
  • jandardyklaryny
  • jandardyr
  • jandardyram
  • jandarlar
  • jandarlara
  • jandarlarda
  • jandarlardan
  • jandarlardyr
  • jandarlary
  • jandarlarymyz
  • jandarlarymyň
  • jandarlaryna
  • jandarlaryny
  • jandarlarynyň
  • jandarlaryň
  • jandarly
  • jandarlygyndan
  • jandarmy
  • jandarmyş
  • jandarsyz
  • jandary
  • jandaryna
  • jandarynda
  • jandaryny
  • jandarynyň
  • jandaryň
  • jandaryňam