jaý 1 at

[ja:ý]

  1. Ýaşamak, işlemek we ş. m. üçin gurlan bina, öý, ymarat.

    • Jaýyň äpişgesiniň deregine deşiklerden ýel köwsary urup, dükanyň içinde tüweleý turuzýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Ine, bu uly jaý hem okalga boljak. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  2. Ony-muny goýmak ýa-da mal-gara salmak üçin gurlan desga.

    • Odun goýmak üçin jaý.

  3. Göçme manyda Orun, ýer.

    • Ol tamasy çykmadyk Bibisoltanyň göwnünde başga zatlar jaý tutdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

jaý 2 sypat

  1. Ýerlikli, oňat, oňaýly.

    • Maşgala terbiýesinde akyla jaý ulanylýan götergilemek we temmi bermek çäreleriniň uly ähmiýeti bardyr. (I. T. Ogordnikow, P. H. Şimbirýow, Pedagogika)

    • Jaý gep, rast aýdýaň! (G. Gurbansähedow, Suraý)

  2. Göni, dogry, ykjam.

    • Ok jaý degeni üçin, möjek bada-bat ölüpdir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

göwne jaý bolmak

seret göwün

  • Üzüm agaçlarynyň düýbüni bejerişleri Hoşgeldiniň göwnüne jaý boldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

jaýyna düşürmek

Çemine düşürmek, ýerine salmak, jüpüne getirmek.


Duş gelýän formalary
  • jaýa
  • jaýam
  • jaýda
  • jaýdady
  • jaýdaky
  • jaýdan
  • jaýdy
  • jaýdyr
  • jaýlar
  • jaýlara
  • jaýlaram
  • jaýlarda
  • jaýlardaky
  • jaýlardan
  • jaýlardy
  • jaýlardyr
  • jaýlary
  • jaýlarydyr
  • jaýlarym
  • jaýlarymyz
  • jaýlarymyzda
  • jaýlaryna
  • jaýlarynam
  • jaýlarynda
  • jaýlaryndan
  • jaýlaryny
  • jaýlarynyň
  • jaýlaryň
  • jaýlaryňa
  • jaýly
  • jaýlygy
  • jaýlyk
  • jaýlylyk
  • jaýmy
  • jaýmyş
  • jaýsyz
  • jaýsyzlyk
  • jaýy
  • jaýydy
  • jaýydyr
  • jaýym
  • jaýyma
  • jaýymam
  • jaýymda
  • jaýymdan
  • jaýymy
  • jaýymydyr
  • jaýymyz
  • jaýymyza
  • jaýymyzda
  • jaýymyzdan
  • jaýymyzy
  • jaýymyzyň
  • jaýymyzyňam
  • jaýymyň
  • jaýyna
  • jaýynam
  • jaýynda
  • jaýyndan
  • jaýyndanam
  • jaýyny
  • jaýynyň
  • jaýyň
  • jaýyňa
  • jaýyňam
  • jaýyňda
  • jaýyňy
  • jaýyňyz
  • jaýyňyza
  • jaýyňyzam
  • jaýyňyzdan
  • jaýyňyzy
  • jaýyňyň