irimçik i‧rim‧çik

[i:rimçik]

  1. Birneme iri, onçakly ownuk bolmadyk, gereginçe maýda bolmadyk, iriräk.

    • Onuň irimçik endigan dişleri akjaryp görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Uly göwreli, görümi uly, daýaw.

    • Olaryň gatyrlary hem onuň Owganystanda gören gatyrlaryndan irimçikdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ol uzyn boýly, irimçik adamdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Inçe däl, nepis däl, ýogyn.

    • Irimçik gyldyrganly çäkmen ilkibada onuň kirli endamynyň gijisini getirýän ýaly duýuldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Irimçik ýüň matalaryň işlenip çykarylyşy 88 prosent artdy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem irimçik - irimçigi.


Duş gelýän formalary
  • irimçikdi
  • irimçikleri