inçemik in‧çe‧mik

[i:nçemik]

  1. Onçakly inçe bolmadyk, ýogyn däl, inçeräk.

    • Iki ýyllyk narlar, injirler heniz miwe getirmän, ösüp barýan ýaş çaga ýaly inçemik boýlaryny ýaňy ýetiripdirler. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Onçakly ýogyn däl, agaç etli, inçesagt (adam hakda).

    • Inçemik bir oglan meniň gözümiň öňüne gelýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Aýyň ýagtysy düşüp duran garamtyl inçemik ýüzüni ýoldaşlaryna tarap öwürdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem inçemik - inçemigi.


Duş gelýän formalary
  • inçemikden
  • inçemikdir