ilat

[i:la:t]

Bir ýurtda, şäherde we ş. m. ýaşaýan halk, il.

  • Käliň ugrunda bäş arçynlyk ilat bolup, Artyklaryň obasy hem şonuň biridi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol Ilatyň agzyny alardyp, özüne gyşyk sereden adamlary tutup başlapdyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ýer hem ilatyňky, suw hem ilatyňky. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

  • Şu baryşlaryna galandarlaryň ýoly Arabystan ilatynyň üstünden düşdi. («Görogly» eposy)


Duş gelýän formalary
  • ilata
  • ilatam
  • ilatda
  • ilatdaky
  • ilatdan
  • ilatdandy
  • ilatdy
  • ilatdygyny
  • ilatlar
  • ilatlardan
  • ilatlary
  • ilatlaryna
  • ilatlaryny
  • ilatlarynyň
  • ilatlaryň
  • ilatly
  • ilatlydy
  • ilatlylygy
  • ilatlysy
  • ilatlyň
  • ilatsyz
  • ilaty
  • ilaty-da
  • ilatydy
  • ilatydyr
  • ilatymyz
  • ilatymyza
  • ilatymyzy
  • ilatymyzyň
  • ilatyn
  • ilatyna
  • ilatynda
  • ilatyndan
  • ilatyny
  • ilatynyň
  • ilatynyňam
  • ilatyň
  • ilatyňky