igde

Botanika Ownujak ýaprakly, daşy ýukajyk gabykly miwe getirýän ullakan agaç we onuň miwesi.

  • Suwly ýabyň gyralaryny bolsa igdedir tut agaçlary tutup otyrdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Soňabaka tal, erik, igde, tut ýaly agaçlary äkidýärdiler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Keseden durup seredeniňde, igde agajynyň arasynda çala görünýärdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Igdeleri gonşyňyz üçin getirendir öýdüp siz göwnüňize getirmän! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Uly ýoluň gyrasynda bir düýp uly igde ösýär. (A. Haýydow, Gök asman)


Duş gelýän formalary
  • igdede
  • igdeden
  • igdedir
  • igdelerden
  • igdeleri
  • igdeleriň
  • igdeli
  • igdeligiň
  • igdelik
  • igdesinden
  • igdä
  • igdänem
  • igdäni
  • igdäniň
  • igdäň