idetmek işlik

[i:detmek]

  1. Ekläp-saklamak ekläp-terbiýeläp ösdürmek (adam barada) ; ot-iým berip bakmak, äňetmek (mal barada).

    • Ol meni idetjek adam bolan bolup, meni öýüne alyp gitdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Oglum, sen daglarda aw at-da, geziber hem malyňy idet. («Görogly» eposy)

    • Dokuz guty gurçuk idedip, plany bir ýüz bäş prosent berjaý etdik. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

    • Haýwanlary idetmek aňsat düşmeýän bolara çemeli. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Sorag-ideg etdirmek, indetmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem idetmek - idedýär, ideder, idedipdir.


Duş gelýän formalary
  • idedemizok
  • ideden
  • idedeni
  • idederine
  • idedesiň
  • idedeýin
  • idedip
  • idedýän
  • idedýär
  • idedýärler
  • idedýärsiňiz
  • idetdik
  • idetdim
  • idetjek
  • idetmegimiz
  • idetmegiň
  • idetmek
  • idetmekde
  • idetmeklerini
  • idetmekligi
  • idetmeklik
  • idetmeli
  • idetmelidigini
  • idetmäge
  • idetmän
  • idetseňiz