ibermek işlik

[i:bermek]

Birini ýa-da bir zady bir ýere ugratmak, ýollamak, göndermek.

  • Ejegülüň niýeti adama zar bolmaklyk, çagalaryn gowy geýindirip, mekdebe ibermek, gowy jaýlarda ýaşamakdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Aşgabatdan Gyzylarbada, Guşga hem başga birnäçe ýerlere öz ündewçilerini iberdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Eziz atly iberip, ogurlyk ýöňkelýän ýigidi getirtdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Sowet halkyny altyn şöhleli matalar bilen geýindirmek seniň zähmetiňe, seniň iberen pagtaňa bagly. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)


Duş gelýän formalary
  • iberdi
  • iberdi-de
  • iberdik
  • iberdiler
  • iberdim
  • iberdimi
  • iberdiň
  • iberdiňmi
  • ibereli
  • ibereliň
  • iberen
  • iberende
  • iberendigi
  • iberendigine
  • iberendigini
  • iberendiklerini
  • iberendir
  • iberene
  • iberenem
  • iberenimi
  • iberenini
  • ibereniňde
  • iberenler
  • iberenlere
  • iberenlerem
  • iberenlerinde
  • iberenlerine
  • iberenleriniň
  • iberenligi
  • iberenok
  • iberenoklar
  • iberer
  • ibererden
  • ibererdi
  • ibererin
  • ibereris
  • ibererkä
  • ibererler
  • ibererlermi
  • ibereýin
  • ibergin
  • iberip
  • iberipdi
  • iberipdiler
  • iberipdim
  • iberipdir
  • iberipdir-de
  • iberipdirler
  • iberipdiňizmi
  • iberipsiň
  • iberipsiňiz
  • iberiň
  • iberjegem
  • iberjegini
  • iberjek
  • iberjekdigi
  • iberjekdigini
  • iberjekdiklerini
  • iberjekdim
  • iberjeklerden
  • iberjekleri
  • iberme
  • ibermedi
  • ibermedik
  • ibermediň
  • ibermegem
  • ibermegi
  • ibermegine
  • ibermegini
  • ibermeginiň
  • ibermegiň
  • ibermegiňizi
  • ibermejek
  • ibermejekdigini
  • ibermejekleri
  • ibermek
  • ibermekde
  • ibermekden
  • ibermekdi
  • ibermekleri
  • ibermeklerine
  • ibermeklerini
  • ibermeklige
  • ibermekligi
  • ibermeklik
  • ibermeklikden
  • ibermekçi
  • ibermeleri
  • ibermelerini
  • ibermeli
  • ibermelidi
  • ibermelidir
  • ibermese
  • ibermeseňiz
  • ibermesi
  • ibermesin
  • ibermesinem
  • ibermesiniň
  • ibermez
  • ibermezdim
  • ibermezler
  • ibermeýär
  • ibermeýärler
  • ibermeýärsiň
  • ibermäge
  • ibermäge-de
  • ibermän
  • ibermände
  • ibermändi
  • ibermändigi
  • ibermändir
  • ibermäniň
  • iberse-de
  • ibersegem
  • ibersek
  • iberseler
  • ibersem
  • iberseň
  • iberseňiz
  • ibersin
  • ibersinler
  • ibersinlermi
  • iberäý
  • iberäýiň
  • iberäýmekden
  • iberäýmeli
  • iberäýmesin
  • iberäýse
  • iberäýsem
  • iberäýseň
  • iberäýsinler
  • iberýän
  • iberýändigi
  • iberýändigini
  • iberýändiklerini
  • iberýänem
  • iberýäniň
  • iberýänler
  • iberýänleri
  • iberýänligini
  • iberýänçä
  • iberýär
  • iberýärdi
  • iberýärdiler
  • iberýärin
  • iberýäris
  • iberýärler