işletmek işlik

[i:şletmek]

  1. Hereketde bolup bir önüm öndürtmek, çykartmak.

    • Mehanizmi saz işletmegi başarýar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Näme, men allanyň eşegini ogurlapmydyryn, sen gezmeli, meni işletmeli diýip buýruk çykarar ýaly? (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Zähmet çekdirip bir iş bilen meşgul boldurmak.

  3. Gulluk etdirmek, bir wezipäni, käri ýerine ýetirtmek.

  4. Abat edip ýöretmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem işletmek - işledýär, işleder, işledipdir.


Duş gelýän formalary
  • işleden
  • işledeni
  • işledeninden
  • işledeniňde
  • işledenleri
  • işledenlerinden
  • işledenok
  • işleder
  • işlederin
  • işlederler
  • işledersiň
  • işledesiň
  • işledibem
  • işledip
  • işledipdirler
  • işlediň
  • işledýän
  • işledýändigi
  • işledýänliginde
  • işledýär
  • işledýärdi
  • işledýärdiler
  • işledýärler
  • işletdi
  • işletdiler
  • işletdim
  • işletdir
  • işletjek
  • işletjekdigi
  • işletjekler
  • işletme
  • işletmediler
  • işletmegi
  • işletmegini
  • işletmeginiň
  • işletmegiň
  • işletmek
  • işletmekde
  • işletmekden
  • işletmekligi
  • işletmekliginden
  • işletmeklik
  • işletmeli
  • işletmelidir
  • işletmesi
  • işletmezler
  • işletmeýär
  • işletmäge
  • işletmäge-de
  • işletmän
  • işletsek