[i:ş]
Energiýanyň bir görnüşiniň başga bir görnüşe geçmeklik prosesi, hereketde bolmaklyk.
Edilýän, çekilýän zähmet.
Iş Sapargüli ýadatmady, gaýtam onuň ýüküni ýeňletdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Onuň bu eden işşini Mergen Aga halamady. («Bahar»)
Bar-bar işden bar, işlemedik nana zar. (nakyl)
Aýlygyň çeşmesi hökmünde haýsy-da bolsa bir guramada edilýän gulluk, kär.
Zähmet netijesinde döredilen eser we ş. m.
Onuň ylmy işi çap edildi.
Zähmet çekilip ýerine getirilýän zat.
Ol edip oturan işini taşlap, daşaryk çykdy.
Fiziki güýç goýlup edilýän iş.
Işi üstünlikli ýerine ýetirmek, oňat iş etmek;.
Dert bolmak, azar bolmak, hupbat ýamanyny bermek.
Boljak iş bolup geçmek, gaýtaryp bolmaz derejede aňry gitmek.
Iş işden geçensoň, onuň ugrunda ylganyň haýry ýok.
Sud edip jeza bermek, ýyl kesmek.
Biri bilen işde aragatnaşyk etmek.
Iş başarjaňlygyňy gidermek, gurpdan gaçmak, maýyp-müjrüp bolup işden galmak; garramak.
Iş başynda, iş wagty, işde.
Köp wagt işlemän, soň işe girişeniňde oňat işläp bilmek ukybyňy ýitirmek.
Edýän işiňe sowuk-sala garamak, üns bermezlik..
Işiň tärini ele almak, işe endik etmek, işe oňat berdiş etmek.
Mehinli doga ýetim bolup, daýysynyň elinde ösüpdi, ýumruk ýalylygyndan işde bişişipdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Heläkçilige duçar bolmak, eden işi başa barmazlyk, masgara bolmak, erbet ýagdaýa düşmek.
Kim uruş isleýän bolsa, onuň işi gaýdandyr. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Işi gutarman goýmak, taşlamak.
Bagtyny ýatyrmak, betbagtçylykly, erbet ýagdaýa salmak.
Atam-enem meniň işim görýärler, Tanalmaýan bir ýat ýere berýärler. (B. Kerbabaýew, Poemalar)
Tutan, başlan işiň şowly bolsun!
Işiň paşmazlygy, erbet bozulmasy.
Mekdeplerde geçirilýän ýazuw işi.
Öý hojalygyna degişli bolan işler;.
Ýerine ýetirmek üçin mugallym tarapyndan okuwça berilýän ýumuş.