iýdirmek işlik

  1. Nahar bermek, naharlamak.

    • Üç ýaşly igli çagasyny ne oňly iýdirip bilýärdi, ne-de geýdirip bilýärdi. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

    • Açlyk näme iýdirmez, dokluk näme diýdirmez. (nakyl)

  2. Dänäni, miwäni we ş. m. mal-gara, mör-möjege, guş-gumra şam etmek, aldyrmak, zaýalatmak.

    • Aý näbileýin, ony hem syçana iýdiräýdiňmikäň öýtdüm. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Jik-jiki tikenli ýandaga gaharlanyp: -- Seni geçi agama iýdirmesem bolmaz -- diýip, uçup gidipdir. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

  3. Göwse, ýelne süýt inmek, süýt gelmek, süýt gelip başlamak.

    • Aýna iýdiren dünýäniň her emjegini üç-dört gezek güžžüldetdi-de, köşegini goýberdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Sygyr iýdiren badyna göläniň nogtasyndan çekip aýyrdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  4. Hakyňy gidermek, almaly puluňy hasaplap doly alman gidermek, hakyndan artyk zat bermek.


Duş gelýän formalary
  • iýdirdi
  • iýdirdiler
  • iýdirdim
  • iýdirdiň
  • iýdiren
  • iýdireniň
  • iýdirer
  • iýdirerin
  • iýdirip
  • iýdiripdi
  • iýdiripdir
  • iýdiripdirler
  • iýdirjek
  • iýdirjekmi
  • iýdirme
  • iýdirmegi
  • iýdirmegim
  • iýdirmek
  • iýdirmeli
  • iýdirmelidi
  • iýdirmerin
  • iýdirmesem
  • iýdirmeseň
  • iýdirmez
  • iýdirmäge
  • iýdirmän
  • iýdirseň
  • iýdiräýjek
  • iýdiräýmeli
  • iýdirýän
  • iýdirýänem
  • iýdirýär
  • iýdirýärdi
  • iýdirýärdiň